Sepleriň elýeterliligi

Ynanç adamlarynyň goralmagyna çagyrylýar


Rim papasy Fransis we rus prawoslaw patriarhy Kril hristian bütewiligine çagyrdy.

Rim papasy Fransis we rus prawoslaw patriarhy Kril hristian bütewiligine çagyrdy.

Rim papasy Fransis we rus prawoslaw patriarhy Kril hristian bütewiligine çagyrdy we halkara jemgyýetçiligi zorlukly yslam jeňçi toparlarynyň gol astyndaky ynanç adamlaryny goramaly diýdi.

"Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň köp ýurdunda biziň hristian doganlarymyzyň tutuş maşgalalary, obalary we şäherleri dolulygyna ýok edilýär» diýip, olaryň 12-nji fewraldaky jarnamasynda aýdylýar.

Bu jarnama rim katolik popy bilen rus prawoslaw patriarhynyň arasynda bolan ilkinji duşuşykdan soň çap edildi.

"Olaryň ybadathanalary wagşylyk bilen ýumrulýar we talanýar, olaryň mukaddeslikleri masgaralanýar, ýadygärlikleri ýykylýar» diýip, jarnamada aýdylýar.

Iki ybadathana lideri «Yslam döwleti» ýaly toparlaryň diňe hristianlary däl, beýleki dinleriň wekillerini, şol sanda öz musulman dindeşlerini hem ýanandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG