Sepleriň elýeterliligi

Ukrain konflikti maslahatlaşyldy


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (S) Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gürleşýär. Mýunhen, 12-nji fewral, 2016 ý.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg (S) Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gürleşýär. Mýunhen, 12-nji fewral, 2016 ý.

Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýany baýry diplomatlary 13-nji fewralda Mýunhende duşuşyp, gündogar Ukrainada «Minsk -2» şertnamasynyň ýerine ýetirilişi baradaky ýagdaýy maslahatlaşdy.

Bu duşuşyk Mýunhendäki Howpsuzlyk konferensiýasynyň gapdalynda geçirildi. Kiýew güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separtistleriň arasyndaky uruş 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 9 müňden gowrak adamy öldürdi.

2015-nji ýylyň sentýabryndaky ýaraşyk söweşi mazaly kiparlatdy, emma Minsk şertnamasynyň köp aspekti ýerine ýetirilmedi.

Bu ylalaşyk Donetsk we Luhansk regionlarynyň separatistleriň elinde saklanylýan ýerlerinde ukrain kanunçylygy esasynda saýlaw geçirmäge, daşary ýurt güýçleriniň çykarylmagyna, Orsýet bilen serhediň ukrain kontrollugyna gaýtarylyp berilmegine we beýlekilere çagyrýar.

XS
SM
MD
LG