Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Walls: Orsýet bombalamagy bes etmeli


Manuel Walls
Manuel Walls

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls, gepleşiklere we parahatçylyga ýol arçamak üçin, Orsýet Siriýadaky asuda adamlary bombalamasyny bes etmeli diýdi.

Walls Mýunhendäki Howpsuzlyk konferensiýasynyň sahnasynda rus premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen bile çykyş edip, Fransiýa Orsýeti we onuň bähbitlerini hormatlaýar diýdi.

Emma bize Siriýada parahatçylyk gerek, biziň gepleşik geçirmegimiz zerur, şu sebäpden biziň asuda adamlary bombalamagy bes etmegimiz gerek diýip, ol aýtdy.

Mýunhende duşuşan dünýä döwletleri bir hepde içinde Siriýadaky duşmançylyklary togtatmaga çalyşmak ylalaşygyna geldiler.

Emma Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň «Yslam döwleti» jeňçi toparyny we beýleki jeňçi toparlary nyşana almagy dowam etdirjekdigini, olaryň bu ylalaşyga dahylsyzdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG