Sepleriň elýeterliligi

Türkmen neşiri 3 dilde çykar


Saglygy saklaýyş ministrliginiň binasy

Saglygy saklaýyş ministrliginiň binasy

Türkmenistan öz döwlet eýeçiligindäki binagärlik neşiriniň okyjylaryny köpeltmäge çalyşýar.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnaly indi, türkmen dilinden başga, rus we iňlis dillerinde hem çap ediler.

«Bu žurnal diňe bir ýurdumyzda ýazylyşyk ýa bölekleýin satuw arkaly däl, eýsem halkara sergilerinde we forumlarynda-da ýaýradylmalydyr» diýip, prezident Berdimuhamedow aýdypdyr.

Şeýle-de ol bu neşiriň «Türkmenistanyň binagärliginiň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmelidigini belledi» diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnaly, prezidentiň 2015-nji ýylyň 15-njy ýanwaryndaky karary esasynda, çärekde bir gezek çap edilýär.

XS
SM
MD
LG