Sepleriň elýeterliligi

YD-a garşy gury ýer operasiýalary başlanar


Mewlut Kawusoglu

Mewlut Kawusoglu

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu, aýdylmagyna görä, öz ýurdunyň we Saud Arabystanynyň Siriýada «Yslam döwleti» toparynyň garşysyna gury ýer operasiýalaryna başlap biljegini aýdypdyr.

Türk mediasynyň maglumatyna görä, Kawusoglu Saud Arabystany Türkiýäniň Injirlik howa bazasyna «uçarlaryny we gury ýer goşunlaryny ibermäge taýýar» diýipdir.

Saud Arabystany soňky hepdelerde YD-a garşy howa zarbalaryna gatnaşygyny dikeltdi we Waşington bu ädimi gutlady.

"Türkiýe we Saud Arabystany YD-a garşy gury ýer operasiýasyna başlap biler» diýip, Türkiýäniň hökümete tarapdar «Ýeni Şafak» gazeti Kawusoglunyň 13-nji fewralda aýdan sözlerini sitirledi.

Kawusoglu şundan başga zat aýtmandyr.

XS
SM
MD
LG