Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly türkmenleriň metbugat tejribeleri


Eýranly türkmenler Magtymgulynyň poeziýa günlerini belleýärler.15-nji maý, 2015.
Eýranly türkmenler Magtymgulynyň poeziýa günlerini belleýärler.15-nji maý, 2015.

Eýranda çykýan «Gülüstanyň ykdysadyýeti» gazetiniň habarçysy Aşyrmuhammet Gulak eýranly türkmenleriň türkmençe çap edilýän neşirlere, hususan-da «Sähra» gazetiniň her sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýdýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen žurnalistleri Eýranda çykarylýan «Pyragy», «Ýaprak» ýaly neşirleriň hem il içinde barha kän meşhurlyk gazanýandygyny gürrüň berdiler.

«Gülüstanyň ykdysadyýeti» gazetiniň ýolbaşçysy Musa Jurjany Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde bütin maşgalasynyň žurnalistika bilen meşgullanýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenler barada habarlary çap edýän turkmensnews internet sahypasynyň ýolbaşçysy hem neşirýatçy Ýaşar Nyýazy bolsa, internetde türkmen habarlaryny çap etmekden başga, türkmen dilindäki kitaplary çapa taýýarlaýar.

«Dünýä türkmenleri» gepleşigimiziň eýranly türkmenleriň metbugat tagallalaryna bagyşlanan sanyny diňläp, bu mesele boýunça pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Eýranly türkmenleriň metbugat tejribeleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:00 0:00

XS
SM
MD
LG