Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada 3 ýaragly saklandy


Grek häkimiýetleri Türkiýäniň serhediniň golaýynda ok-ýarag gaçakçylygynda güman edilýän üç erkegi tussag edendiklerini aýdýarlar.

Grek polisiýasy 14-nji fewralda güman edilýänleriň üçüsiniň hem etniki kürtdigini we britan raýaty bolup durýandygyny aýtdy.

39 ýaşyndaky bir adam serhediň geçiş nokadynyň golaýynda dört sapançaly we 200 müň tapgyr okly tutuldy. Tussag edilenleriň atlary aýdylmady.

Beýleki güman edilýänler, 22 we 28 ýaşly iki adam şäheriň golaýynda, 18 sany tüpeňli, 27 müň tapgyr okly tutuldy.

Polisiýa resmisi bu adamlaryň YD topary bilen baglanyşygy barada delil ýok diýdi, emma olaryň ýanyndan tapylan ýaraglaryň harby türgenleşik üçin peýdalanylyp bilinjegini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG