Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler ýurt krizisde diýýär


Infographik - Lewada merkezi.
Infographik - Lewada merkezi.

Orsýetlileriň bäşden dördüsinden hem gowragy öz ýurtlarynyň häzir ykdysady krizis ýagdaýyndadygyna ynanýar, garaşsyz Newada merkeziniň geçiren pikir soraşlygy şeýle netije görkezýär.

Şu hepde çap edilen netijelere görä, orsýetlileriň 21 prosenti ykdysady krizis uzak dowam eder diýen pikirde bolsa, 23 prosenti onuň azyndan iki ýyl dowam etjekdigini çaklaýar.

Soraga jogap berenleriň 47 prosenti bu krizisde energiýa bahalarynyň global arzanlamasyny günäleýär, 33 prosenti korrupsiýany, 27 prosenti bolsa Günbatar sanksiýalaryny günäleýär.

Pikirini aýdanlaryň 26 prosenti krizisiň sebäbini goranyşa we býurokratiýa aşa köp çykdajy edilmeginde görýär.

XS
SM
MD
LG