Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany Türkiýä uçar iberer


Brigada generaly Ahmed al-Assiri

Brigada generaly Ahmed al-Assiri

Saud Arabystany özüniň NATO agzasy Türkiýäniň Injirlik howa bazasyna «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy söweşmek üçin uçar iberjekdigini tassyk etdi.

Brigada generaly Ahmed al-Assiri 13-nji fewralda «Al Arabiya» telewideniýesine patyşalygyň «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşi güýçlendirmäge ygrarlydygyny we bu çäräniň şol tagallalaryň biri bolup durýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu şenbe güni «Ýeni Şafak» gazetine saudlylaryň uçar ibermäge taýýarlygyň çäginde howa bazasyna gözegçilik edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG