Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ABŞ missiýasy üýtgänok


 General John F. Kampbell

General John F. Kampbell

Owganystandaky halkara güýçleriniň gidýän komandiri amerikan goşunlarynyň «Talyban» bilen aktiw söweş ýagdaýyna dolanyp gelmejegini aýtdy.

General John Kampbell, ýene bir kyn ýyla meňzeýändigine garamazdan, ABŞ-nyň bu ýerdäki missiýasynda üýtgeşiklik bolmaz diýdi.

Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleri durnuksyz günorta welaýatda, Helmandda söweşýän owgan güýçlerine kömek berýär. "Missiýa üýtgemedi" diýip, Kampbell Kabulda, ähtimal özüniň soňky metbugat ýygnagynda žurnalistlere aýtdy.

Ol martda öz ornuny general-leýtenent John Nikolsona gowşurýar.

Emma ol olaryň özlerini goramaga güýçleriniň ýetjekdigini, zerur bolanda howa güýçleriniň goldawyny sorap biljekdiklerini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG