Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Ýokary suduň agzasy ýogaldy


Antonin Skalia

Antonin Skalia

Antonin Skalia (Scalia), täsirli konserwatiw we Birleşen Ştatlaryň ýokary sudunyň has prowokatiw agzasy 79 ýaşynda aradan çykdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, ol dogduk ştaty Tehsasdaky kaşaň kurorta sapary mahalynda, görnüşinden, öz ajalyna ölüpdir.

Skaliýa ýurduň ýokary sudýalygyna 1986-njy ýylda, prezident Ronald Reýgan tarapyndan bellenildi.

Ol özüniň zoňtar konserwatiw garaýyşlary bilen belli boldy. 2008-nji ýylda ýarag hukuklarynyň tarapyny tutmagy onuň kürsüdäki 30-dan gowrak ýylynyň iň ajaýyp pursaty boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama onuň ýerine täze sudýa bellejegini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Skalianyň ölümi Obama Birleşen Ştatlaryň noýabrda geçjek prezident saýlawlaryndan öň onuň ýerine täze adam hödürlemelimi ýa däl diýen gyzgyn jedel döretdi.

XS
SM
MD
LG