Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde çipsden we gazly suwdan salgyt ‘alynmaz’


Hökümetiň ýolbaşçy işgärleri Putiniň täze salgytlaryň girizilmegi baradaky talaby bilen ylalaşdylar.

Interfaks habar gullugy 8-nji fewralda beren maglumatynda Rus hökümetiniň "saglyga zyýanly iýmitlere" we şol sanda çips bilen gazly suwa salgyt salynmagy baradaky kanun taslamasyny oňlamandygyny habar berdi.

Şeýle kanun taslamasyny "Adalatly Russiýa" partiýasynyň halk wekili Oleg Miheýew 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Döwlet Dumasyna hödürläpdi. Ýöne hökümet oňa garamakdan ýüz öwürdi. Jogaby alandan soň halk wekili Miheýew şol kanun taslamasyna garalmagyny sorap, gaýtadan degişli dokumentleri hödürledi.

Hökümet, hut Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň geljek dört ýyllykda täze salgytlaryň girizilmezligi baradaky tutumy sebäpli, şeýle netijä gelnendigini bildirdi.

Putin bu barada 2014-nji ýylyň dekabr aýyndaky Federal Geňeşiň ýygnagynda eden ýörite çykyşynda 2018-nji ýyla çenli täze salgytlaryň doňdurylmagyny talap etdi.

"Wedmosti" gazeti bolsa 5-nji fewralda çap eden maglumatynda ors hökümetiniň goşmaça salgyt girizilip bilinjek önümleriň sanawyny taýýarlaýandygyny habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem ol sanawa palma ýagy (arzan we orta gymmatlykdaky azyk önümleriniň aglabasynda ulanylýar), gazly suw, çips we elektron çilim ýaly önümleriň hem giriziläýmeginiň ahmaldygyny belleýär.

Gazetiň maglumatyny birnäçe ýokary wezipeli hökümet işgäri hem tassyklaýar. Russiýa Federasiýasynyň saglygy saklaýyş ministri Weronika Skwortsowa öz beýannamasynda, şeýle önümlere salgyt girizilmegi barasynda hökümetiň maslahat geçirýändigini aýan edýär. Ykdysadyýet we galkynyş ministri Alekseý Ulýukaýew hem: "Eýýämden şeýle sanawda palma ýagynyň hem boljakdygy aýdyňdyr" diýýär. Şeýle teklibi Oba hojalyk ministri Aleksandr Tkaçew hem goldaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG