Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Partlamada iki polisiýa wekili wepat boldy


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda ýol gözegçilik polisiýasynyň bölüminde awtoulagyň partlamagynyň netijesinde iki polisiýa ofiseri wepat boldy, diýip orsýet mediasy habar berdi.

15-nji fewralda Derbent etrabynda bolan partlamada ýene iki polisiýa wekili ýaralandy.

Derňewleriň deslapky netijelerine görä, partlama gazyň ýanmagy bilen bagly bolupdyr. Ýerli polisiýa resmisi “partlamanyň güýçli bolandygyny” we “janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bolmagynyň ähtimaldygyny” aýtdy.

Dagystan postsowet döwründe goňşy Çeçenistanda bolan uruşlarda dörän yslamçy gozgalaňçylyk bilen bagly zorlugy başdan geçirýär.

Guramaçylykly jenaýatçylyk, syýasy gapma-garşylyklar we toparlaryň arasyndaky bäsdeşlik-de gandöküşlige sebäp bolýar.

Aram musulmanlar, žurnalistler, polisiýa we hökümet resmileri hüjümlere yzygiderli sezewar edilýärler.

XS
SM
MD
LG