Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Dopinge garşy edaranyň başlygy ýogaldy


Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) öňki ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Nikita Kamaýew, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015
Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) öňki ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Nikita Kamaýew, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015

Orsýetiň dopinge garşy agentliginiň (RUSADA) öňki ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Nikita Kamaýew wezipesinden çekilmeginden iki aý soň aradan çykdy.

TASS agentliginiň dawanyň merkezine düşen agentligiň öňki baş müdiri Ramil Habriýewe salgylanyp, 14-nji fewralda habar bermegine görä, Hamaýewiň ýüreginden tutup ýogalan bolmagy “çak edilýär”.

“Ol garda typmak möwsüminden soň ýürek agyrydan zeýrenýärdi. Ol hiç bolmanda maňa ýürek problemasy barada hiç wagt aýtmandy. Belki-de şeýle problemalardan onuň aýaly habarlydyr”, diýlip Habriýewiň sözünden sitata getirilýär.

Orsýet geçen ýylyň noýabr aýynda Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň ýörite komissiýasy döwlet derejesindäki galplyklaryň we korrupsiýanyň üstüni açansoň halkara atletikadan çetleşdirilipdi.

Orsýet Rio de Janeiroda olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda dekabryň ortalarynda çäre görüp başlaly bäri Kamaýew we Habriýew RUSADA agentliginiň beýleki baş ýolbaşçylarynyň hatarynda öz wezipelerinden çekildiler.

XS
SM
MD
LG