Sepleriň elýeterliligi

Saraýewo ÝB agza bolmak üçin ýüzlendi


Bosniýanyň premýer-ministri Denis Zwizdiç, Brussel, 11-nji dekabr, 2016

Bosniýanyň premýer-ministri Denis Zwizdiç, Brussel, 11-nji dekabr, 2016

Bosniýa-Herzegowina Ýewropa Bileleşigine girmek üçin resmi derejede ýüzlendi.
ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherininiň 15-nji fewralda aýtmagyna görä, Saraýewo resmi arza bilen ýüz tutupdyr, emma

Brusseliň bu ýurduň bileleşigiň düzümine girmek işini zerur şertlere doly gabat gelýänçä yza tesdiripdir.

Bosniýanyň premýer-ministri Denis Zwizdiç ýurdunyň ÝB-ne girmek üçin ýüzlenjegini 10-njy fewralda yglan edipdi.

Zwizdiç 28 agzaly bileleşigiň 2017-nji ýylyň dowamynda Bosniýa üçin dalaşgär statusyny kepil geçjekdigine umyt baglapdy.

Bosniýanyň federal sistemasyny düzýän bölekleriniň biri bolan Serbska respublikasy, milli hökümetiň Bosniýanyň kanunlaryny ÝB-niň kanunlaryna gabat getirmek boýunça mehanizmleri sazlaşdyrmak üçin öňünden konsultasiýa geçirilmändigini derhal mälim etdi.

XS
SM
MD
LG