Sepleriň elýeterliligi

Moskwa Assada goldawyny nygtady


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, 13-nji fewral, 2016.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, 13-nji fewral, 2016.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad parahatçylygy gazanmak mümkinçiligine eýe bolýança Moskwanyň Siriýadaky harby hereketlerini bes etmejegini aýtdy.

Medwedew bu barada “Time” žurnalynda 15-nji fewralda çap edilen interwýusynda aýtdy.

Medwedew hökümete garşy çykyş edýän “eli awtomatik ýaragly” gozgalaňçylaryň Orsýetiň howa zarbalary üçin nyşandygyny aýdyp, “olaryň ählisi banditler we terrorçylar” diýip belledi.

Orsýetiň premýer-ministri diňe Assadyň “ylalaşygy gazanmaga ukyply” gozgalaňçy güýçler bilen gepleşik geçiren ýagdaýynda Siriýada parahatçylygyň bolup biljekdigini aýtdy, emma “bu adamlaryň entek kesgitlenmändigini” belledi.

Şeýle-de Medwedew Orsýetiň Günbatar döwletlerinden Moskwa garşy sanksiýalary ýatyrmagy soramajagyny duýdurdy. Günbatar Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleri goldamagy üçin ykdysady sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG