Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Gündogar Ukrainada söweşler güýçlendi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Lamberto Zannier, Minsk, 2015.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Lamberto Zannier, Minsk, 2015.

Gündogar Ukrainada Orsýetçi separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasyndaky söweşler güýçlendi, gumanitar ýagdaý hem “aýylganç” diýip Ýewropanyň baş howpsuzlyk edarasy AÝ/AR-na aýtdy.

Söweşýän taraplar front liniýasyna agyr ýaraglaryny çekdiler, hususan-da separatistler “harby çärelere”, şol sanda gije türgenleşiklerini geçirdiler, diýip Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Lamberto Zannier 15-nji fewralda aýtdy.

Gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada 2015-nji ýylyň fewral aýynda Minskde ylalaşyga gelnip, sentýabrda aýynda ylalaşyk baglaşylypdy. Muňa garamazdan, geçen ýylyň aýagynda söweşler güýçlendi, diýip Zannier belledi.

Zannier regionda 700 ýaragsyz gözegçisine eýe bolan ÝHHG-niň “köp sanly raketalary atýan ýaraglaryň” ulanylanyny hasaba alandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG