Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama Putini 'aram' gozgalaňçylara hüjüm etmezlige çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s)

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiginiň dowamynda Siriýada “aram” gozgalaňçylary bombalamagy bes etmäge çagyrdy.

Iki döwletiň baştutanlary 14-nji fewralda telefon arkaly söhbetdeş boldular. Mundan iki gün öň dünýäniň täsirli döwletleri Siriýada duşmançylygy bes etmek barada ylalaşdylar, emma şu hepdäniň aýagyna çenli güýje girmeli ylalaşyga uruşdaky taraplaryň hiçi biri gol çekmedi.

Ak Tam Barak Obamanyň Putin bilen geçiren gepleşiginiň Siriýa ynsanperwer kömeginiň gyssagly berilmeginiň zerurlygyna we howa hüjümlerine gönükdirilendigini aýtdy.

Orsýetiň gozgalaňçy güýçlere garşy gönükdirýän howa hüjümleri Siriýanyň goşunyna ýurduň iň uly şäheri we uruşdan oň söwda merkezi bolan Aleppo şäherini eýelemekden üstünlik gazanmaga mümkinçilik döretdi.

XS
SM
MD
LG