Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada köçe dükanlary ýumrulýar


Moskwa: 100-e golaý dükan ýykyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:41 0:00

Moskwa: 100-e golaý dükan ýykyldy

Halk arasynda kiosk diýlip atlandyrylýan kiçijek dükanlar Moskwada, edil ýol belgileri ýa-da gyşda geýilýän şyrdaklar, ýagny possun papaklar ýaly, her bir ýerde gözüňe ilýär.

Bu sebäpli Moskwanyň şäher häkimiýetleriniň onlarça kiosklary we köçe dükanlaryny gijäniň ýarynda ýumurmagy, ýaşaýjylaryň we hususyýetçileriň sabyr käsesini doldurana meňzeýär. Olar muny hökümetiň rehimsiz syýasatynyň ýene-de bir mysaly diýip hasaplaýarlar.

9-njy fewralda ors paýtagtyndaky birnäçe raýonda ekskawatorlar we işçiler azyndan 97 sany kiosky we şoňa meňzeş binalary adamlar örmänkäler ýykdylar. Bu ýykgynçylyk Moskwanyň “Çistyýe Prudy” atly merkeziniň we “Arbat” atly metro duralgasynyň golaýyndaky käbir raýonlaryň başyndan indi.

“Howply we köne”

Gül dükanlary, kafeler, dermanhanalar, kiçi dükanlar we hatda oýun apparatlary üçin niýetlenen binalar Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin tarapyndan bikanun diýlip yglan edildi. Özüniň rus sosial ulgamy bolan ”Vkontaktedäki” hasabynda Sobýanin agzalýan binalaryň paýtagtda howply ýagdaý döredýändigini we olaryň käbirleriniň 1990-njy ýyllarda gurlandygyny ýazýar.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin.

Orsýetdäki kiosklaryň köpüsi arzan bahaly materiallardan we pes gurluşyk hilinde gurlan. Emma 9-njy fewraldaky ýykgynçylykda köpugurly we ýokary hilli binalar nyşana alyndy.

Şäherň häkimlik edarasynyň dekabr aýyndaky birinji bildirişinde ýykylmaly edilen şol binalaryň hemmesi “özakymlaýyn gurlan” diýlip tagmalandy.

“Ýanýollardaky, metro stansiýalarynyň ýa-da awtobus duralgalarynyň golaýyndaky amatly ýerlerde ýerleşýän dükanlary duýdansyz ýykmak kararyna gelen bolsalar, hakykatdan-da bular bikanun bolsa, onda näme üçin ozal şol dükanlaryň köp wagtdan bäri ol ýerlerde durmagyna rugsat berildi?” diýip, moskwaly ýaşaýjylar soraýarlar.

Kommentatorlar

“Eho Moskwy” radiosynyň habar bermegine görä, käbir dükan eýeleri ekskawatorlar binalary ýykmaga başlanyndan soň hem öz dükanlaryndan satlyk harytlary çykarmagy dowam edipdirler.

Orsýetli käbir kommentatorlar Twitter we beýleki sosial ulgamlarda, prezident Wladimir Putiniň ýurtda kiçi telekeçileri goldamak üçin eden çagyryşyna seretmezden, şeýle zatlaryň bolandygyna ünsi çekýärler. Putiniň bu çagyryşy orsýetliler, Kremliň Ukrainanyň içki işlerine gatyşmagy sebäpli günbatar ýurtlarynyň Orsýetiň garşysyna ykdysady sanksiýalary girizen we dünýäde nebitiň hem tebigy gazyň bahalarynyň pese gaçmagy zerarly dörän ykdysady krizisi başdan geçirýän mahalyna gabat geldi.

Käbir adamlar bu ýyk-ha-ýyklygy “Uzyn ekskawator susaklarynyň gijesi” diýip atlandyrdylar. Bu bolsa nasistleriň 1934-nji ýylda Germaniýada öz syýasy häkimiýetlerini berkitmek maksady bilen garşydaşlaryny wagşylyk bilen köpçülikleýin gyran gijesi bolan we soňra taryhda “Uzyn pyçaklar gijesi” diýip atlandyrylan hadysany ýada salýar.

Adamlaryň käbirleri bolsa Moskwadaky ýykan-ýumranlygyň Orsýetiň Siriýada urýan howa zarbalarynyň netijesinde köpsanly jaýlaryň, ymaratlaryň ýumrulmagyna we parahat ilatdan müňlerçe adamlaryň gyrylmagyna getiren wakalar bilen özara meňzeşligine ünsi çekýärler.

Sobýanin rus paýtagtynda kiosklary nyşana alan ilkinji şäher häkimi däldir.

Onuň mekir we örän uzak wagtlap bu wezipäni eýelän öňki kärdeşi Ýuriý Luzhkow hem 1990-njy ýyllarda azyndan iki gezek şäherde duýdansyz ýerden dürli binalaryň göçürilmegini buýrupdy.

Moskwa boýunça kiosklaryň we “özakymlaýyn gurlan” dükanlaryň sanynyň näçedigi näbelli. Ýöne käbir adamlar olaryň sanynyň on müňlerçedigini çak edýärler.

XS
SM
MD
LG