Sepleriň elýeterliligi

Obama Putini 'aramlara' hüjüm etmezlige çagyrdy


Amerikan prezidenti Barak Obama (sagda) we ors prezidenti Wladimir Putin.

Amerikan prezidenti Barak Obama (sagda) we ors prezidenti Wladimir Putin.

Amerikan prezidenti Barak Obama ors prezidenti Wladimir Putin bilen bolan bir gepleşikde Orsýeti Siriýada "aram" gozgalaňçylary bombalamagy togtatmaga çagyrdy.

Iki lider 14-nji fewralda telefon arkaly gürleşdiler. Ondan iki gün öň bolsa dünýäniň täsirli döwletleri Siriýada duşmançylygy belli bir çäklerde togtatmak barada ylalaşdylar. Ýöne üstümizdäki hepdäniň aýagynda güýje girjek bu ylalaşyga uruşýan taraplaryň hiç biri gol çekenok.

Ak tamyň bildirmegine görä, Obamanyň Putin bilen gepleşiginde Siriýa gyssagly gumanitar kömeginiň ýetirilmeginiň, şeýle hem howa hüjümleriniň çäklendirilmeginiň zerurdygy nygtalýar.

Orseýetiň gozgalaňçy toparlara garşy gönükdirilýän bomba zarbalary Siriýa goşunyna goldaw bolýar we onuň ýurduň iň uly şäheri, konfliktden ozal möhüm söwda merkezi bolan Halap şäherini (Aleppony) eýelemek bilen, uzaga çeken uruşda iň uly ýeňiş gazanmagyna mümkinçilik döredýär.

“Duşmançylygy togtatmak”

Kremliň aýtmagyna görä, Putin bilen Obama Münhende gelnen ylalaşygy amala aşyrmak boýunça özara hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak barada ylalyşypdylar. Ýöne Kremliň bir beýannamasynda Orsýetiň "Yslam döwleti" atly topara, şeýle hem "beýleki terroristik guramalara" garşy alyp barýan kampaniýasyny dowam etdirjekdigi açyk aýdylýar. Bu bolsa onuň Siriýanyň günbatar etraplaryndaky we günbatar döwletleri tarapyndan aram hasaplanýan toparlary-da nyşana aljakdygyny aňladýar.

Orsýet duşmançylygy "togtatmagyň" özüniň howa güjümlerine dahylly däldigini aýdýar. Ýöne Siriýada güýç deňagramlylygyny Assadyň bähbidine üýtgeden Orsýetiň howadan urýan zarbalary boldy.

Moskwanyň bellemegine görä, onuň howa zarbalarynda esasan nyşana alynýanlar "Yslam döwleti" topary we ”Al-Kaýda” bilen iletşikli Nusra fronty. Günbatar döwletleri bolsa Orsýetiň köplenç beýleki gozgalaňçy toparlar, şol sanda özleriniň goldaýan toparlaryny-da nyşana alýandygyny aýdýarlar.

Hyzmatdaşlyk

12-nji fewralda Germaniýanyň Münhen şäherinde gelnen ylalaşyga günbatar syýasatçylary şübheli garaýarlar.

Mysal üçin, amerikan senatory Jon MkKain özüniň bu ylalaşyga böwsüş diýip garamaýandygyny aýtdy. Ol: "Bu ylalaşygyň näme zatlara ýol berýändigini aýdyň bileliň. Ol Orsýete ýene bir hepdeläp Halap şäherine (Aleppo) hüjümi dowam etdirmäge ýol berýär" diýdi.

"Jenap Putiniň gyzyklanýany biziň bilen hyzmatdaşlyk däl. Ol Assadyň režimini goldmak isleýär" diýip, MkKain belleýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Siriýany goldaýan halkara toparyna degişli beýleki ýurtlardan bolan diplomatlar agzalýan ylalaşyga 12-nji fewralda Münheniň howpsuzlyk maslahatynda geldiler.

Bu maslahatyň ahyrky güni çykyş eden MkKain: "Men bu ylalaşyga potensial böwsüş diýip garaýan käbir dostlarymyň pikirine goşulmagy arzuw edýärin, ýöne bu garaýşa goşulamok" diýdi.

Ylalaşyk

Bu ylalaşyk "Orsýete Halaba (Aleppo) edýän hüjümini ýene bir hepde dowam etdirmäge ýol berýär. Ol oppozision toparlardan bolsa söweşi bes etmegi talap edýär, Orsýete terroristleri bombalamaga rugsat edýär. Orsýet hemmelere, parahat ilata-da terrorist diýýär" diýip, MkKain belleýär.

MkKain: "Ylalaşygy Orsýet ýa Assadyň režimi bozsa, näme netijeleri bolar? Men bu barada hiç bir zat göremok" diýdi.

Orsýet Ukrainada-da öz harby maksatlaryny amala aşyrmak üçin gepleşiklerden we atyşyklaryň bes edilmeginden peýdalandy. Moskwa bu ýerde separatistleri goldady, bu uruşda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9 müňden köpräk adam öldi. Orsýet şol ýyl Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirdi diýip, MkKain nygtaýar.

"Biz bu kinony ozal Ukrainada gördük. Bu harby agressiýanyň hyzmatyndaky diplomatiýa. Bu iş ýol hem alýar. Sebäbi biz oňa ýol berýäris" diýip, MkKain öz pikirini mälim edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG