Sepleriň elýeterliligi

Doha: Nebit öndüriji ýurtlar gepleşik geçirýärler


Orsýetiň we Saud Arabystanynyň nebit ministrleriniň Kataryň paýtagty Dohada duşuşýandygy barada habar berilmegi dünýäniň iň uly nebit öndüriji ýurtlarynyň önümçiligi azaltmak meselesini ara alyp maslahat edýändigi baradaky çaklamalary döretdi.

Sitirlenýän çeşmelere görä, 16-njy fewralda geçirilýän gepleşiklere Wenesuelanyň we Kataryň nebit ministrleri hem gatnaşýarlar.

Dünýäde öndürilýän nebitiň möçberiniň aşa köp bolmagy nebitiň bahasynyň 2014-nji ýylyň iýul aýyndan bäri öz hümmetiniň 70%-ni ýitirip, her barreliň bahasynyň 30 amerikan dollaryna çenli peselmegine getirdi. Bu ýagdaý Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Yragyň we nebite garaşly beýleki ýurtlaryň maliýe girdejileriniň möçberini azaltdy.

Saud Arabystany eger Nebiti eskport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) daşyndaky nebiti öndüriji ýurtlar hyzmatdaşlyk etmeseler öz nebit önümçiligini azaltmajakdygyny aýdýar.

Orsýetiň Energiýa ministri Aleksandr Nowak beýleki öndürijiler goşulan ýagdaýynda Orsýetiň nebit önümçiligini çäklendirip biljekdigini aýtdy, emma Orsýetiň döwletiň gözegçiligindäki iň uly nebit kompaniýasy “Rosneftiň” başlygy Igor Seçin önümçiligi sazlaşykly azaltmagyň mümkinçiligine geçen hepdede şübhe bildirdi.

XS
SM
MD
LG