Sepleriň elýeterliligi

Nebit öndürijiler önümçiligi azaltmaga razy boldular


Orsýetiň "Lukoil" kompaniýasynyň Imilorskoye nebit ýatagy, Kogalym, 25-nji ýanwar, 2016

Orsýetiň "Lukoil" kompaniýasynyň Imilorskoye nebit ýatagy, Kogalym, 25-nji ýanwar, 2016

Dünýäniň nebiti öndüriji iň uly döwletleri Orsýet we Saud Arabystany nebit önümçiligini azaltmak barada ylalaşdylar, emma nebit öndüriji beýleki ýurtlaryň hem muňa eýermelidigini aýtdylar.

Önümçiligi ýanwar aýynyň derejesinde doňdurmak “ýagdaýa laýyk” bolar, diýip Saud Arabystanynyň nebit ministri Ali al-Naimi 16-njy fewralda Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak bilen geçiren duşuşygynyň yzýany aýdy.

Naimi Kataryň we Wenesuelanyň hem nebit önümçiligini doňdurmak çäresine goşulmaga razylyk berendigini aýtdy we beýleki ýurtlaryň hem goşuljagyna umyt baglady.

Eýran özüne garşy ençeme ýyllap dowam eden sanksiýalar ýanwar aýynda ýatyrylandan soň nebit önümçiligini artdyrjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG