Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO, BMG Siriýadaky hüjümleri ýazgardylar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon

NATO ýurtlary we BMG-niň ýolbaşçysy 15-nji fewralda Siriýanyň keselhanalaryna edilen we onlarça adamyň ölümine sebäp bolan howa hüjümlerini ýazgardylar.

BMG demirgazyk Siriýada azyndan bäş sany medisina edarasyna we iki mekdebe edilen hüjümlerde 50 çemesi parahat ýaşaýjynyň, şol sanda çagalaryň wepat bolandygyny aýtdy.

Baş sekretar Ban Ki-Moon hüjümleri ýazgaryp, olary “halkara kanunlarynyň aýylganç depelenmegi” hökmünde häsiýetlendirdi. Ban Ki-Moon bu ýagdaýyň Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän urşuň soňuna çykmak boýunça tagallalara kölege salýandygyny aýtdy.

BMG hüjümlerde Orsýeti göni günälemedi, emma ABŞ-nyň Döwlet departamenti şeýle hereket “Orsýetiň Assadyň režiminiň öz halkyna garşy zulumynyň soňuna çykylmagyna ýardam bermäge islegsizligini ýa ukypsyzlygyny görkezýär” diýdi.
Türkiýe hüjümlerde göni Orsýeti aýyplap çykyş etdi.

Kreml aýyplamalary “esassyz” diýip “çürt-kesik” ret etdi.

XS
SM
MD
LG