Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Induist maşgalalar hasaba alnarlar


Esasan musulman ilatly Pakistanyň günorta Sindh welaýaty induistlere maşgala gurmagyny resmileşdirmek hukugyny berýän ilkinji region boldy.

Pakistanyň üç million ilatly induist jemgyýetiniň ýerleşýän esasy ýeri bolan Sindh welaýatynyň kanun çykaryjylary 15-nji fewralda kanuny kabul etdiler.

Aktiwistler maşgalalar resmi taýdan hasaba alynmadyk ýagdaýynda hindi zenanlarynyň elden ele geçmek, ogurlanmak, zorlanmak ýaly zorluklara sezewar bolýandygyny we dul aýallaryň bolan ýagdaýynda göz öňünde tutulan hukuklardan mahrum bolýandygyny aýdýarlar.

Täze kanuna görä, Sindh regionynda 18 ýaşyna ýeten induistler maşgalasyny hasaba aldyryp bilýär.

Pakistanyň milli bileleşigi hem şuňa meňzeş kanuna seredýär.

Pakistanda hristianlar we beýleki dini azlyklary maşgala gurmak boýunça kolonial döwründen galan kanunlarda peýdalanýarlar.

XS
SM
MD
LG