Sepleriň elýeterliligi

Beýik sazlaşyk


Kitaplar we äýnek.

Kitaplar we äýnek.

1994-nji ýyl bolsa gerek, Aşgabadyň merkezinde, konserwatoriýanyň ýanyndaky duralgada “Çary neressäni ýatlap” diýen bildiriş goýupdyrlar.

“Ahyry Çaryny ýatlapdyrlar. Onuň neresse bolandygyny boýun alypdyrlar” diýen pikir hyýalyma geldi.

Unudylýan ynsan

Çary Nurymowa bagyşlanan agşamyň ýa-da hatyra konsertiniň nirede geçýändigini bilmek üçin, bildirişiň alkymyna bardym. Ol sirkiň jaýynda geçirilýär diýlipdir. Eýsem sirk nire, Çary Nurum nire? Ol bir resmi konsert zalynda, iň bolmanda konserwatoriýanyň jaýynda geçirilmezmi?

Aýdym-saz agşamyna gatnaşjaklaryň, ony alyp baryjynyň atlaryny okanymda, munuň beýik ynsan, ajaýyp kompozitor Çary Nurymowa degişli däldigine göz ýetirdim.

Şol unudylan ynsanyň dünýä inenine üstümizdäki ýylda 75 ýyl dolýar.

Türkmen ensiklopediýasynda Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, Baýramalynyň Azat obasynda dünýä indi diýilýär. Ýöne Çarynyň özi, onuň agasy Durdy Nurum: “Biz Garahan obasyndan” diýýär ekeni. Kaka etrabynyň çäginde, Aşgabat ýolunyň ugrunda, Garaham atly belli oba bar. Olary ýetimlik derdeseri Baýramalydaky Çagalar öýünden çykarypdyr. Dogluş hakyndaky şahadatnama hem şol ýerde ýazylyp, takmynan sene we takmynan oba ady görkezilipdir.

“Kemlikde kemal bar”

Niredendir, nähilidir takdyryň emri bilen Baýramala düşen ajaýyp pedagog hem pianist Olga Alekseýewna Kriwçenko ýetim çagalara sazdan sapak berýän ekeni.

Çagalarda bar bolan zehini görmegi başarýan ol mugallym Nury Halmämmedowda, Durdy Nuryýewde hem Çary Nurymowda fortepiano sazlaryna bolan çuňňur söýgini oýarypdyr. Bu täsin ynsan şol döwürler 70 ýaşy etekläp barýan eken. Ýöne ol çagalara arassa saz çalmagy, notany yzarlamagy hem özbaşdak ýürekli hereket etmegi öwredip bilipdir.

Täze ugur

Çary Nurymow türkmen saz sungatynda özi üçin täze ýol açdy. Turuwbaşdan däp bolan mukam ýolundan çykyp, simfoniki dile – saz diline geçdi. Pikirini hem özüniň aýtmak isleýän ruhy ahwalatyny dürli owazlar arkaly aňlatmagy başardy.

Onuň saza giriş usuly, beýan edişi özünden öňküleri gaýtalamady. Şonuň üçinem ol başgalara meňzemeýän kompozitor bolup ýetişdi. Ol haýsydyr bir milli sazy ýa mukamy alyp, onuň üstünde işlemek bilen çäklenmedi. Onuň saz eserlerinde, döreden aýdymlarynda “ol bu ýerde pylan halk sazyndan açyk peýdalanýar” diýmek kyndy.

Gerek bolan ýagdaýda, halk sazlaryndanam peýdalanýardy. Meselem, Beýik Watançylyk urşunda gurban bolanlara bagyşlap döreden Ses we orkestr üçin konsert-poemasynda “Keçpelegiň” äheňini ulanypdy. Ýöne köplenç Günbatar professional saz usullaryna eýerdi. Şeýlelikde, pikire, sazlaşyga hem içki ruhy gapma-garşylyga esaslanýan eserler döretdi.

Ol türkmen sazyny Günbataryň tebigatyna hem ruhuna ýakyn etdi. Şol wagtyň özünde-de, milli türkmen kompozitory bolup galdy.

Çarynyň döreden aýdymlarynyň baryna täzeçe diýip bolmaz. Mollanepesiň goşgusyna döreden “Gitdim” diýen romansy, Magtymgulynyň goşgusyna döreden “Armanym galdy” diýen aýdymy türkmen klassyky däplerine eýerdi.

Simfoniýa – owazlaryň sazlaşygy

Çary Nurymow 1964-nji ýylda Moskwanyň Gnesinler adyndaky sazçylyk-pedagogik institutyny gutaryp, Türkmenistana gelen döwründe “Edebiýat we sungat” gazetinde, gysgajyk makala çykdy. Şonda ol “Meniň üçin simfoniýa” diýip, özüniň iri göwrümli saz eserlerini döretmek ýolundan gitjekdigini aýtdy. Ol şeýle hem etdi. Köplenç programma esaslanýan instrumental sazlary döretdi.

Ç. Nurymow “Epgegiň tepbedi”, “Bakylyk”, “Köýten nalasy” ýaly meşhur baletleriň sazyny döretdi. Dürli temalara degişli bolan beýle baletler toplumyny bizde hiç bir kompozitor döretmändi.

Ol at-abraýy ýurduň çäginden çykan, örän ukyply kompozitor bolup ýetişdi. Ç. Nurymowyň Hindistanyň görnükli döwlet işgäri Indira Gandiniň hatyrasyna bagyşlan, kirişli saz gurallary üçin döreden ikinji kwarteti SSSR-de uly meşhurlyga eýe boldy. 1987-nji ýylda onuň fleýta, goboý we kamera orkestri üçin birinji “Destan-konsertine” hem-de “Indira Gandiniň ýadygärligine” atly kirişli saz gurallary üçin ikinji kwartetine SSSR-iň Döwlet baýragy berildi.

Şol başda öz aýdyşy ýaly, ol gysga ömrüni 3-nji simfoniýasy bilen tamamlady.

Ol 52 ýaşynda, işläýjek wagty, düýpden başgaça eserler döretjek döwri biziň aramyzdan gitdi.

Megerem, halk kimi we nähili kompozitory ýitirendigini duýmady.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG