Sepleriň elýeterliligi

‘Nepesgulyýew ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edildi’


Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew.

Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew.

Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi diýip, onuň bilen türmede bir kamerada oturandygyny aýdýan gazak raýaty habar berýär.

15-nji fewralda ”Türkmenistandan Alternatiw habarlar” atly websaýt Balkan welaýatynyň Akdaşdaky tussaghanasynda Nepesgulyýew bilen bir aýa golaý bir kamerada saklanylandygyny aýdýan Gazagystanyň raýaty Erik Supuşew bilen geçirilen ýörite wideointerwýuny çap etdi.

Supuşew 2015-nji ýylyň aprel aýynda türkmen-gazak serhedinde onlarça guty çilim bilen tussag edilip, şol ýylyň iýul aýynda bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilýär. Ol Akdaşdaky tussaghanada dört aý saklanylandygyny we onuň bir aýa golaýyny Nepesgulyýew bilen bir kamerada geçirendigini aýdýar.

Sud işi

Gepiň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti we ”Türkmenistandan Alternatiw habarlar” saýty bilen hyzmatdaşlyk eden žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýitirim bolupdy. Şol ýylyň awgust aýynyň aýagynda ol neşe maddaly dermanlary ýanynda saklamakda aýyplanyp, 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Gürrüňi edilýän wideointerwýuda gazak raýaty Nepesgulyýewiň türmedäki başdan geçirenleri we onuň sözlerine esaslanyp, sud edilişi barada gürrüň berýär. Supuşew Nepesgulyýew öz sud işiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlendigini we bu suda diňe Türkmenistanyň Howpsuzlyk gullugynyň iki ofiseriniň hem-de kazynyň gatnaşandygyny gürrüň berdi diýýär.

”Türkmenistandan Alternatiw habarlar” saýtynyň taýýarlan wideosy.

“[Nepesgulyýewiň] sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilipdir. Nepesgulyýewiň aýtmagyna görä, onuň sud işine diňe Türkmenistanyň Howpsuzlyk gullugynyň iki ofiseri we kazy gatnaşypdyr. Aklawçysyz, hiç hili sud diňlenişigi bolmazdan sud işi geçirilipdir. Diňe kazy sud zalyna girip, hökümi okap, çykyp gidipdir. Ynha, bolany...” diýip, Nepesgulyýew bilen bir kamerada oturandygyny aýdýan gazak raýaty gürrüň berýär.

“Aklawçy, prokuror, kazy – bularyň ählisi bile işleşýärler”

Ol “Türkmenistanyň hökümeti Nepesgulyýewiň aklawçy bilen üpjün edilendigini aýdýar. Nepesgulyýew size bu barada näme diýdi? Oňa aklawçy berlipmi?” diýen soraga şeýle jogap berýär: “Onuň aklawçysy ýok eken. Oňa aklawçy berilmändir. Belkem, onuň aklawçysynyň bolmany-da gowudyr. Eger-de onuň aklawçysy bolan bolsa, oňa has köp ýyl kesilmegi hem mümkin. Sebäbi ol ýerde [Türkmenistanda] aklawçy, prokuror, kazy – bularyň ählisi bile işleşýärler”.

Şeýle-de, Supuşew Nepesgulyýewiň beren gürrüňlerine esaslanyp, onuň Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherinde Awaza sebitinden žurnalistiki işi üçin maglumat ýygnaýan mahaly tussag edilendigini aýdýar.

“Maglumat alyp bilmedim”

“Men Nepesgulyýewiň goşlarynyň arasyna tramadol dermanynyň ýörite oklanylandygyny bilýärin. Ol Awaza sebitini surata düşürmäge gidende, öz goşlaryny myhmanhanadaky otagda goýýar. Ol goşlaryny alyp, myhmanhanadan çykan mahaly, ony Milli howpsuzlyk ministrliginiň iki işgäri tutup alyp gidýär” diýip, bu barada Supuşew gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Nepesgulyýew kamera gelenden soň, şol kamera azyk, iýmit getirmek, bu kameradakylara hat almak ýa-da ondan hat çykarmak doly gadagan edilipdir. Supuşew Nepesgulyýew bilen 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli Akdaşdaky türmede saklanylandygyny aýdýar. Emma soňra olar Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň golaýyndaky tussaghana geçirilýärler.

Supuşew sözüniň soňunda Seýdiniň golaýyndaky tussaghanada Nepesgulyýewi görmändigini we ol barada hiç hili maglumat hem alyp bilmändigini aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça iş topary geçen ýylyň dekabr aýynda Nepesgulyýewiň işi barada bir beýanat çap edip, onuň azatlykdan mahrum edilmeginiň eden-etdilikdigini, ýagny bikanun diýlip tapylandygyny habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG