Sepleriň elýeterliligi

NATO, BMG Siriýadaky hüjümleri ýazgardylar


Siriýada keselhana edilen howa hüjümlerinden soň, ýaşaýjylar wakanyň bolan ýerine ýygnandy.

Siriýada keselhana edilen howa hüjümlerinden soň, ýaşaýjylar wakanyň bolan ýerine ýygnandy.

NATO ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary 15-nji fewralda Siriýada keselhanalara we mekdeplere edilen howa hüjümlerini ýazgardylar. Parahat ilatdan onlarça adamynyň başyna ýeten bu hüjümleri Türkiýe bilen Fransiýa "uruş jenaýaty" diýip atlandyrdylar. Ankara bu bomba zarbalaryna Orsýeti jogapkär edýär.

16-nji fewralda Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow ors güýçleriniň bu hüjümlere dahylynyň ýoklugyny aýdyp, "Bu barada esasy informasiýa çeşmesi Siriýa häkimiýetleriniň resmi wekilleriniň beren beýanatlary" bolup biler diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-moon hüjümleri "halkara hukugynyň elhenç bozulmagy" diýip ýazgaryp, beýle hüjümleriň Siriýada barýan bäş ýyllyk graždanlyk urşunyň soňuna çykmak boýunça edilýän tagallalara zyýan ýetirýändigini nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary demirgazyk Siriýada Halap (Aleppo) şäheriniň töwereginde parahat ilata degişli iki keselhana zarba urlandygyny habar berdi. Bu keselhanalaryň biri Fransiýanyň "Serhetsiz wraçlar" atly medisina toparynyňky, beýlekisi bolsa Azaz şäherinde.

Zulum-sütem

Birleşen Ştatlar Orsýeti bu hüjümleri amala aşyranlykda göni aýyplamasa-da, Döwlet departmenti bular ýaly işler "Orsýetiň Assad režiminiň öz halkyna garşy dowam etdirän zulum-sütemini duruzmaga meýilli ýa başarnyklydygyny şübhe astynda goýýar" diýdi.

Orsýet 30-nji sentýabrdan bäri alyp barýan howa zarbalary bilen prezident Başar al-Assadyň güýçlerine goldaw berýär. Ol geçen bäş ýylyň dowamynda hem birsyhly onuň hökümetiniň alyp barýan kampaniýasyny goldap geldi.

Moskwa özüniň "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerini, şeýle hem beýleki "terroristleri" nyşana alýandygyny aýtsa-da, günbatar hökümetleri onuň zarbalarynyň köplenç Assadyň aram garşydaşlarynyň garşysyna gönükdirilendigini belleýärler.

15-nji fewralda bolan zarbalaryň Orsýetiň "duşmançylygy duruzmak" baradaky ylalaşygy äsgermeýändigi bilen bagly aladalary güýçlendirmegi ähtimal. Bu ylalaşyga 12-nji fewralda Siriýany goldaýan halkara toparyna degişli döwletleriň gatnaşmagynda Germaniýanyň Münhen şäherinde gelindi.

"Uruş jenaýaty bolup durýar"

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Mark Aýrault bir keselhananyň "bilkastdan" bombalanmagy "uruş jenaýaty bolup durýar" diýdi. Ol soňra hem: "Siriýada režim ýa onuň goldawçylary tarapyndan saglyk guramalaryna hüjüm edilmegi kabul ederliksiz, bu derrew durzulmaly" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mundan hem aňry geçip, hüjümlere Orsýeti jogapkär etdi.

Kremliň sözçüsi Peskow Türkiýe bilen aradaky gatnaşyklaryň "çuň krizise batandygyny", "Orsýetiň oňa gynanýandygyny, ýöne onuň başyny başlanyň Orsýet däldigini" tekrarlady.

Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilik edýän topary bilen "Serhetsiz wraçlar", şeýle hem beýleki häkimiýetler howa zarbalarynyň Orsýetiň we Siriýanyň uçarlary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýarlar.

15-nji fewralda Siriýanyň Moskwadaky ilçisi Riad Haddad Idlibdäki keselhana Amerikanyň howa hüjüminde zarba uruldy diýdi.

"Ony dargadan Amerikanyň söweş uçarlary. Orsýetiň söweş uçarlarynyň muňa ilteşigi ýok. Toplanan maglumatlar muny doly tassyklar" diýip, Haddad Orsýetiň "Rossiýa-24" döwlet telekanalyna aýtdy. Ýöne onuň görkezen subutnamasy ýok.

Siriýada barýan zorlukly hereketler we NATO ýurtlary bilen Moskwanyň arasyndaky jedelleriň artmagy "duşmançylygy duruzmak" baradaky ylalaşyk, planlaşdyrylyşy ýaly, 18-nji fewralda başlanar diýen umydy gowşadýar.

Galyberse-de, Münhen gepleşiklerine gatnaşmadyk Assad 15-nji fewralda atyşyklary bes etmek "kyn" bolar diýdi. Ol hökümetiň öz garşysyna ýarag göteren her bir topara garşy söweşmegi dowam etdirjekdigini belläp, bular ýaly toparlar "terroristler" diýip, ýene bir gezek tekrarlady.

Assad "Atyşyklary bes etmek goşunlaryň we döwletleriň arasynda bolýan zat. Ol döwlet bilen terroristleriň arasynda asla bolanok" diýip, bu meselede öz pikirini beýan etdi.

XS
SM
MD
LG