Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe-Orsýet: Futbol oýny dartgynly geçdi


"Lokomotiw" komandasynyň agzasy Dmitriý Tarasow (ç), Stambul, 16-njy fewral, 2016

"Lokomotiw" komandasynyň agzasy Dmitriý Tarasow (ç), Stambul, 16-njy fewral, 2016

Orsýetiň komandasynyň awtobusyna çüýşe zyňylyp hüjüm edildi we orsýetli sportsmen Türkiýe bilen 16-njy fewralda geçirilen futbol oýnunda öz köýnegini çykaryp prezident Wladimir Putiniň portretini köpçülige görkezdi.

Türkiýäniň polisiýasy Ýewropa ligasynyň ýaryşynda Türkiýäniň “Fenerbahçe” komandasy bilen duşuşyga barýan moskwaly “Lokomotiw” komandasyna çüýşe oklan üç adamy tussag etdi. Futbol oýny Stambulyň Sukru Sarajoglu stadionynda geçirildi.

Polisiýa bu üç ýaş adamyň içgili bolandygyny we olaryň hereketleriniň netijesinde awtobusyň bir aýnasynyň çat açandygyny aýtdy.

Türkiýäniň mediasy “Fenerbahçe” klubunyň janköýerleriniň jogapkär bolandygyny habar berdi.

Türkiýäniň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar noýabr aýynda Türkiýe Siriýa bilen serhediniň golaýynda orsýet uçaryny oka tutup ýere gaçyrandan soň dartgynly bolmagynda galýar.

Stambuldaky futbol ýaryşynda “Fenerbahçe” 2:0 hasap bilen utdy.

XS
SM
MD
LG