Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ýedi adamyň 'terrorçylyk' işini derňeýär


FSB YD toparynyň agzasy bolmakda güman edilýänleri ele saldy, Ýekaterinburg, 8-nji fewral, 2016

FSB YD toparynyň agzasy bolmakda güman edilýänleri ele saldy, Ýekaterinburg, 8-nji fewral, 2016

Orsýetiň döwlet howpsuzlyk gullugy “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň (YD) agzasy bolmakda güman edilýän ýedi adamyň işini derňeýändigini habar berdi.

Federal Howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Swerdlowskdaky bölüminiň 17-nji fewralda aýtmagyna görä, şübhe astyna düşen adamlaryň terrorçylyk bilen bagly işine resmi taýdan seredilýär.

Resmiler toparyň agzalarynyň 7-nji fewralda Ýekaterinburg şäherinde tutulandygyny we olaryň “elde ýasalan partlaýjy serişdeleri ulanyp, ýokary taýýarlykly terrorçylyk hüjümlerini Moskwada, Sankt Peterburgda we Swerdlowsk regionynda amala aşyrmagy” planlaşdyrmakda güman edilendigini habar beripdi.

Günälenýänleriň arasynda Orsýetiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň bardygy aýdylýar.

Orsýetiň resmileri üç müň çemesi orsýet raýatynyň Siriýada YD toparyna goşulandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG