Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýada 'howpsuzlyk giňişligini' döretmekçi


Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Ýalçin Akdogan
Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Ýalçin Akdogan

Türkiýe özüniň günorta serhediniň ýakasynda Siriýanyň içinde 10 kilometrlik “howpsuzlyk giňişligini” döretmek isleýändigini, sebäbi bu regionyň “demografik gurluşynyň üýtgemeginiň” öňüni almaga synanyşýandygyny aýtdy.

Premýer-ministriň orunbasary Ýalçin Akdogan bu barada 17-nji fewralda Siriýanyň hökümet güýçleriniň Orsýetiň howa zarbalarynyň goldawyna daýanyp Türkiýäniň serhedine tarap basyşlaryny güýçlendiren wagtyna gabat geldi. Kürtleriň söweşiji toparlary territoriýany Siriýanyň gozgalaňçy toparlarynyň elinden almakda üstünlik gazandylar.

Türkiýe Siriýada howpsuzlyk giňişligini döretmek üçin ençeme wagt bäri basyş edip gelýär.

Şol bir wagtda-da Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa Türkiýäniň Siriýa bilen serhedindäki hereketlerini “tutuşlygyna bikanunçylyk” diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG