Sepleriň elýeterliligi

Astana: Protestçiler öňki premýeri azat etmäge çagyrdylar


Protest aksiýasy, Astana, 17-nji fewral, 2016

Protest aksiýasy, Astana, 17-nji fewral, 2016

Ondan gowrak protestçi Gazagystanyň paýtagty Astanada esasy köçeleriň birini böwetledi we öňki premýer-ministr Serik Ahmedowy türmeden boşatmaga çagyrdy.

Protestçiler “Biz adalaty talap edýäris” diýen ýazgyly plakaty tutup durdular.

Polisiýa 17-nji fewralda geçirilen protesti dargatdy we demonstrantlary saklady.

56 ýaşly Ahmetow dekabr aýynda tussag edilipdi we korrupsiýada aýyplanyp 10 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Özüne ýöňkelen günäni ret edýän öňki premýer-ministr prezident Nursultan Nazarbaýewe ýüzlenip, Karagandy regionynda “korrupsiýa sebäp bolan öz harsallygyny bagyşlamaga çagyrdy”.

Ahmetow 2012-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2014-nji ýylyň aprel aýyna çenli premýer-ministr wezipesini ýerine ýetirdi.

XS
SM
MD
LG