Sepleriň elýeterliligi

Yrak radioaktiw guralyň ogurlanandygyny aýtdy


Weatherford kompaniýasynyň önümleriniň sergisi, Basra

Weatherford kompaniýasynyň önümleriniň sergisi, Basra

Yrak potensial radioaktiw howpuny döredýän senagat radiografiýa guralynyň ogurlanandygy barada halkara synçy guramasyny habarly etdi.

Yragyň resmileri guralyň içindäki “ýokary derejede howply” radioaktiw materiallaryň ýurduň birnäçe bölegini eýelän “Yslam döwleti” toparynyň eline düşen ýagdaýynda bombanyň ýa-da başga bir ýaragyň döredilmegi üçin ulanylyp bilinjekdiginden aladalanýandygyny Reuters agentligine aýtdylar.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň 17-nji fewralda aýtmagyna görä, Yragyň resmileri guralyň ogurlanandygy barada geçen ýylyň noýabr aýynda habar beripdir, emma ýagdaýy düzetmek üçin ýardam soramandyr.

Reuters nebit-gaz önümçiliginde ulanylan kompýuteriň ululygyndaky bu guralyň Basra şäheriniň golaýyndaky kärhanada gorag astynda saklanan ýerden ýitirim edilendigini habar berdi.

Bu gural nebit ýataklaryny dolandyrýan ABŞ-nyň Weatherford kompaniýasyna degişli bolsa-da, bu şirket onuň ogurlanmagyna jogapkär däldigini, sebäbi guralyň saklanan ýerine “özüniň eýeçilik etmeýändigini, ony dolandyrmaýandygy we gözegçilik” etmeýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti guralyň ogurlanmagy barada özüniň habarly edilendigini aýtdy emma onuň YD toparynyň ýa-da beýleki gozgalaňçy toparlaryň eline düşmeginiň hiç hili alamatynyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG