Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe siriýaly kürtleri bombaly hüjümde aýyplady


Türkiýäniň harbylarynyň awtobuslaryna edilen bombaly hüjüm, Ankara, 17-nji fewral, 2016

Türkiýäniň harbylarynyň awtobuslaryna edilen bombaly hüjüm, Ankara, 17-nji fewral, 2016

Türkiýe Ankarada bolan bomba partlamasyndan soň öz söweş uçarlarynyň Yragyň demirgazygynda serhediň ýakasynda kürtleriň pozisiýalaryny bombalandygyny aýtdy.

Harbylar öz uçarlarynyň 17-nji fewralda agşam Haftanin giňişligini oka tutup, Kürdüstanyň işçi partiýasynyň (PKK) 60-70 gozgalaňçysyny nyşana alandygyny aýtdylar.

Munuň öňüsyrasynda Ankarada harby awtobuslaryň geçen ýerinde içi partlaýjy serişdeli ýük ulagy partladylyp, 28 adam wepat boldy.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu hüjüm bilen baglylykda dokuz adamyň tussag edilendigini we hüjümiň siriýaly kürtleriň PYD partiýasynyň ýaragly ganatynyň Türkiýedäki kürtleriň PKK partiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Kürtleriň bu partiýalary aýyplamalary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG