Sepleriň elýeterliligi

Obama Kuba sapar etmegi planlaşdyrýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Kubanyň prezidenti Raul Kastro (ç), BMG-niň Baş Assambleýasynda, Nýu Ýork, 29-njy sentýabr, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s) we Kubanyň prezidenti Raul Kastro (ç), BMG-niň Baş Assambleýasynda, Nýu Ýork, 29-njy sentýabr, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kuba taryhy saparyny planlaşdyrýar, bu 90 ýyla golaý döwürüň dowamynda amerikan prezidentiniň ada ilkinji sapary bolar, diýip administrasiýanyň resmileri 17-nji fewralda aýtdylar.

Obamanyň bu gysga sapary Latin Amerika mart aýynda etjek giň derejeli saparynyň çäginde geçiriler.

Resmileriň habar bermegine görä, Ak Tam bu planlar barada 18-nji fewralda yglan eder.

Obama we Kubanyň prezidenti Raul Kastro ýarym asyrlyk Sowuk uruşy gapma-garşylygyndan soň gatnaşyklary kadalaşdyrmak planlary barada 2014-nji ýylda yglan etdiler. Şondan bäri iki ýurt özara söwda we diplomatik gatnaşyklaryny dikeltdi.

Ýurtlaryň arasynda gelnen soňky ylalaşyga görä, soňky 50 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasynda söwda uçuşlary dikeldiler.

Döwlet departamentiniň taryhy boýunça maglumata görä, Kalwin Koolidge Gawana sapar eden ABŞ-nyň soňky prezidenti bolupdy.

XS
SM
MD
LG