Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýa ynsanperwer kömegini iberdi


BMG-niň ynsanperwer kömegini eltmek boýunça çäresine gatnaşýan 'Gyzyl haj' guramasy Damaskdan Madaýa we Zabadani regionlaryna ugraýar, 17-nji fewral, 2016

BMG-niň ynsanperwer kömegini eltmek boýunça çäresine gatnaşýan 'Gyzyl haj' guramasy Damaskdan Madaýa we Zabadani regionlaryna ugraýar, 17-nji fewral, 2016

Birleşen Milletler Guramasy “halas ediji” kömeginiň Siriýanyň gabawdaky bäş regionyna gowuşandygyny aýtdy.

BMG-niň resmileri 100 müň adam üçin niýetlenen azyk önümlerini, medisina enjamlaryny we däri-dermanlary alyp barýan ýük ulaglarynyň Damaskyň golaýynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Madaýa, Muadhamiýa we Zabadani şäherlerine, şeýle-de hökümetiň elindäki Foah we Kefraýa obalaryna ýetendigini 17-nji fewralda habar berdiler.

Bu ynsanperwer kömegi adamlaryň açlyk çekýändigi barada geçen aýda habar berilen regionlara gönükdirildi.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýanyň gabawdaky regionlarynda ýarym million çemesi adam ýaşaýar.

Siriýa ýardam beriji halkara topary tarapyndan makullanan ynsanperwer kömegi 19-njy fewrala çenli ýurtda harby çäreleriň soňuna çykmak boýunça gelnen ylalaşygyň bir bölegi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG