Sepleriň elýeterliligi

Astananyň sudy 'yslamçylary' türmä höküm etdi


“Tablighi Jamaat” toparynyň agzalary sud edilýär, Astana, 17-nji fewral, 2016.

“Tablighi Jamaat” toparynyň agzalary sud edilýär, Astana, 17-nji fewral, 2016.

Gazagystanyň paýtagty Astananyň sudy bäş adamy gadagan edilen yslamçy topara agza bolmakda aýyplap türme tussaglygyna höküm etdi.

Sary arka etrabynyň sudy 18-nji fewralda “Tablighi Jamaat” yslamçy toparyň liderini iki ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

Halymbahi Halym topara agza bolmakda we sosial närazylygyny döretmekde aýyplandy.

Ýene dört adam gadagan edilen toparyň agzasy bolandygy üçin bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

“Tablighi Jamaat” Gazagystanda, Orsýetde, Özbegistanda we Täjigistanda resmi taýdan gadagan edilen topar.

XS
SM
MD
LG