Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: 13 adama gara baýdak üçin iş kesildi


Täjigistanyň Norak şäheriniň 13 ýaşaýjysy “Yslam döwleti” (YD) toparynyň baýdagyny köpçülikleýin ýerde asmakda aýyplanyp, tussag edildiler.

Içeri işler ministrliginiň 18-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, tussag edilen 13 adam köpçüligiň içinde hökümeti agdarmak boýunça ekstremist hereketlere çagyrmakda we jenaýat toparyny gurnamakda aýyplanýarlar.

Bu adamlar 10 we 27 ýyl aralygyndaky türme tussaglygyna höküm edildiler.
Olaryň arasynda iň ýaş kiçisi 21 we iň ýaşulusy 74 ýaşynda.

Sud edilenler awgust aýynda YD toparynyň baýdagyna meňzeş gara baýdagy Norak şäherinde asmagyndan soň tussag edilipdi.

Şuňa meňzeş baýdaklaryň ýene biri Täjigistanyň günorta-günbatar Şahrtuz etrabynda ýedi adam tarapyndan awgust aýynda asylypdy. Olar dekabr aýynda sud edilip, 7 we 27 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler.

Täjik resmileri 500 çemesi täjigistanlynyň Siriýada we Yrakda YD toparynyň düzüminde söweşýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG