Sepleriň elýeterliligi

“Zähmet” stadionynyň görgüleri


“Zähmet” stadiony Türkmenabadyň iň uly stadionlarynyň biri, ol ýerde dzýudo, agyr we ýeňil atletika, şeýle hem sportuň futbol, boks ýaly görnüşlerinden ýaryşlar hem türgenleşikler geçirilýär. Emma stadionda gyşyň sowuk aýlarynda türgenleşik geçmek adatdakysyndan has kyn.

Bu stadionyň käbir zallarynda ýyladyş ulgamy häzirki wagtda asla işlemeýär. Duş alynýan kabinalar sandan çykan, işlemeýär, zallaryň köpüsi könelişen, türgenleşik üçin degişli sport enjamlary hem ýetmezçilik edýär.

Stadiondaky şeýle sport zallarynyň biri hem dzýudo we onuň ýanynda ýerleşýän agyr atletika sporty bilen meşgullanylýan türgenleriň zallarydyr. Bu zallar köne bolsa-da, bu ýerde türgenleşmäge höwes bildirýänleriň sany azalmaýar.

“Men indi dzýudo bilen bäş ýyl töweregi meşgullanyp gelýärin, zalymyzda hiç haçan adam az bolmaýar. Ýöne gyşyň sowuk howaly günlerinde zallarymyzyň içi sowuk, sebäbi zalyň içinde ýyladyş sistemasy göz öňünde tutulmandyr” diýip, 18 ýaşly türkmenabatly Baýram gürrüň berýär.

Baýramyň aýtmagyna görä, “ol zallaryň içinde yşyklandyryş çyralary hem kadaly işlemeýär, yşyklar döwlen halatynda ençeme wagtlap bejerilmeýär, bu türgenleriň işini hasam kynlaşdyrýar.

Stadiondaky ýagdaý agyr atletika bilen gyzyklanýan sportsmenler üçin hasam gözgyny. Iň esasy zat hem, bu stadionyň agyr atletikada türkmenabat şäheri boýunça kadaly derejede ýola goýlan ýeke-täk sport kluby bolmagydyr.

Agyr atletika bilen meşgullanýan we özüni Myrat diýip tanadan 17 ýaşyndaky ildeşimiz bu barada şeýle diýýär: “Biziň agyr atletika zalymyz stadionyň içindäki iň gowy zallaryň biri, ýöne biziň zalymyzda-da ýyladyş sistemasy kadaly işlemeýär, sowuk günleri zallaryň içi sowuk bolýar we türgenleşik geçirmek kynlaşýar”.

Myradyň aýtmagyna görä, “bu ýeriň täze trenažorlary hem döwlüpdir we trenazorsyz düzüwli türgenleşik geçirip bolmaýar”.

Tutuş welaýatda agyr atletika boýunça kadaly işleýän ýeke-täk merkezlerden biri bolan bu zalda zerur şertleriň bolmazlygy, höwesjeňleriň bu sporta bolan gyzyklanmasyna hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Adynyň agzalmazlygyny soran tälimçilerden biriniň aýtmagyna görä, türgenleşik üçin şol ýere gelýänleriň aglabasy tälimçileriň öz garyndaşlary.

Zähmet stadionyndaky tälimçilerden biri bu hakda, ine, şeýle gürrüň berýär: “Zalyň içiniň şertleri gowy bolmasa, ýaş oglanlary bu spota çekmek kyn bolýar, üstesine-de, käbir enjamlary özümiz satyn almaly bolýarys. Meselem el typmaz ýaly sürtülýän hek gutaran wagty, ony tälimçiler ýa türgenler satyn almaly bolýarlar”.

Türkmenistanda soňky ýyllaryň dowamynda sporta has köp üns berilýär, hatda aprel aýy saglyk we sagdynlyk aýy diýlip bellenilýär we şol aýyň dowamynda dürli sport çäreleri, ýaryşlar geçirilýär. Şol çärelere hut prezidentiň özi ýolbaşçylyk edýär.

Bu tagallalaryň netijesine ýurduň paýtagty Aşgabatda has gowy göz ýetirse bolýar Ol ýerde täze-täze sport desgalary gurulýar we şol desgalar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär.

2017-nji ýylda geçiriljek ”Aziýada” sport oýunlaryna niýetlenilip gurulýan sport merkezleri onuň takyk mysaly. Türkiýäniň ”Polimeks” şirketi tarapyndan gurulýan şol desgalar toplumyna jemi 5 milliard dollar çykdayjy edilmegine garaşylýar.

Emma Lebaba gaýdyp gelsek, ýurduň bäş welaýatyndan biriniň paýtagty bolan Türkmenabat häzirlikçe sporta berilýän bu ünsden öz paýyna düşenini alyp bilmeýär.

Emma şertleriň agyrdygyna garamazdan, ençeme halkara ýaryşlarda ýurduň baýdagyny göteren sportsmenler Türkmenabatdan çykdy. Olaradan biri 2012-nji ýylda geçirilen tomusky Olimpiadada Türkmenistanyň baýdagyny göteren Serdar Hudayberdiyewdir.

Boks bilen meşgullanýan Serdar 2009 we 2014-nji ýyllarda geçirilen Aziýa derejesindäki ýaryşlarda ýurda ýeňişli medallar bilen dolandy. Türkmenabadyň Dzýudoçy gyzy Şirin Kubaýewa hem welaýata at getiren sportçylardan ýene biri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG