Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: partlamada 28 adam öldi


Ankarada harby awtobuslaryň geçýän ýerinde içi partlaýjy jisimli ýük ulagy partladyldy.

Ankarada harby awtobuslaryň geçýän ýerinde içi partlaýjy jisimli ýük ulagy partladyldy.

Türkiýäniň paýtagtynda bolan bomba partlamasyndan soň Ankara öz söweş uçarlarynyň Yragyň demirgazygynda serhediň ýakasynda kürtleriň pozisiýalaryny bombalandygyny habar berdi.

Harbylar öz uçarlarynyň 17-nji fewralda agşam Haftanin giňişligini oka tutup, Kürdüstanyň işçi partiýasynyň (PKK) 60-70 gozgalaňçysyny nyşana alandygyny aýtdylar.

Munuň öňüsyrasynda Ankarada harby awtobuslaryň geçýän ýerinde içi partlaýjy jisimli ýük ulagy partladyldy.

Ankaradaky partlama

28 adamynyň wepat bolmagyna we 61 adamynyň ýaralanmagyna getiren bu uly partlama günüň gyzgalaňly wagtynda harby edaranyň we parlamentiň ýerleşýän ýeriniň golaýynda boldy.

Häkim Mehmet Kiliçlar bombanyň harbylary alyp barýan ulaglara gönükdirilendigini aýtdy.

Partlamanyň bolan ýerinde ençeme awtoulagyň ýanandygy we ol ýere soňra onlarça tiz kömek ulagynyň barandygy habar berildi.

Premýer-ministriň orunbasary Bekir Bozdag hüjümiň terrorçylyk akty bolandygyny aýtdy.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu 17-nji fewralda Brussele planlaşdyrylan saparyny ýatyryp, prezident Rejep Taýyp Erdogan hem beýleki baş resmiler bilen geçirilen adatdan daşary ýygnaga gatnaşdy.

Şeýle-de hökümet türk metbugatyna bu partlamada heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň suratlaryny çap etmegi gadagan etdi. Şuňa meňzeş gadagançylyk ýurtda bolan ozalky partlamalardan soň-da girizilipdi.

Kim jogapkär?

Bomba partlamasynyň jogapkärçiligi bilen bagly ençeme toparlara şübhe bildirildi.

Soňky ýýllarda Türkiýede kürt söweşijileri, radikal çepçi we radikal yslamçy güýçler dürli wagtlarda bomba partlamalaryny gurnadylar.

Ahmet Dawutoglu hüjüm bilen baglylykda dokuz adamynyň tussag edilendigini we hüjümiň siriýaly kürtleriň PYD partiýasynyň ýaragly ganatynyň Türkiýedäki kürtleriň PKK partiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Kürt partiýalary bu aýyplamalary ret etdiler.

Halkara reaksiýasy

ABŞ, NATO we Germaniýa pajygaly waka bilen baglylykda Türkiýä raýdaşlyk bildirdiler.

“ABŞ Türkiýäniň harbylaryna we raýatlaryna garşy edilen terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Germaniýanyň Türkiýä duýgudaşlyk bildirýändigini aýdyp, “bu adamkärçilige sygmaýan işi edenleriň garşysyna söweşde biz Türkiýäniň tarapynda” diýdi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg “şeýle elhenç herekete” hiç hili düşündiriş bolup bilmez, “NATO-nyň ýaranlary terrorizme garşy göreşde egin-egne berip durarlar” diýdi.

Ankara soňky aýlarda ikinji gezek bombaly hüjüme sezewar edilýär.

Oktýabr aýynda Ankaranyň esasy demirýol stansiýasynda geçirilen parahatçlykly ýörişde bolan bomba partlamasynda 102 adam wepat boldupdy.

Şeýle-de söweşijiler Türkiýäniň beýleki şäherlerine hüjüm etdiler.

Türkiýe goňşy Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky tagallalara ýardam berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG