Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýada parahatçylyk prosesi howp astynda


BMG-niň Baş sekretary Bak Ki-Moon

BMG-niň Baş sekretary Bak Ki-Moon

BMG-niň Baş sekretary Bak Ki-Moon Siriýada harby hereketleriň güýçlenmeginiň ok atyşygy bes etmek we parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri geçirmek boýunça taglara zeper ýetirýändigini aýtdy.

“Taraplaryň ençemesiniň harby hereketlerini güýçlendirmegi we güýç ulanmagyň dowam etdirilmeginiň howpy durnukly syýasy çözgüt boýunça tagallalary puja çykarmak töwekgelçiligini döredýär” diýip, Ban Ki-Moon Siriýada parahatçylyk prosesini ýola goýmak boýunça dekabr aýynda gelnen rezolýusiýanyň durmuşa geçirilişi barada BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren ilkinji hasabatynda aýtdy.

Siriýadaky konfliktde garşy taraplara degişli 17 ýurt rezolýusiýany goldapdy. 12-nji fewralda bu ýurtlar Siriýada bir hepdäniň dowamynda “harby hereketleri”ýatyrmak barada ylalaşdylar.

Emma Ban Ki Moon Siriýada ok atyşygyň bes edilmeginiň göze ilmeýändigini aýtdy.

Siriýanyň hökümet güýçleri Orsýetiň howa zarbalaryna daýanyp, gozgalaňçylary Aleppo şäherinden gysyp çykarmak boýunça söweşlerini dowam etdirdiler. Şol bir wagtda-da Türkiýe Siriýada kürtleriň pozisiýalaryny bombalady.

XS
SM
MD
LG