Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ermenistana 200 million dollarlyk ýarag satar


Orsýetiň BM-30 Smerç raketa sistemasy, Orsýetiň ýaraglarynyň halkara sergisi, Nižniý Tagil, 25-nji sentýabr, 2013.
Orsýetiň BM-30 Smerç raketa sistemasy, Orsýetiň ýaraglarynyň halkara sergisi, Nižniý Tagil, 25-nji sentýabr, 2013.

Moskwa Ermenistana orsýet ýaragyny satyn almak üçin 200 million dollarlyk karz beriljegine kepil geçdi, diýlip Orsýetiň hökümetiniň internet saýtynda aýdylýar.

10 ýyl möhletli eksport karzy “Smerç” raketa atyjy gurallaryň, “Igla-S” howadan goranyş sistemasynyň, radarlara päsgel beriji sistemalaryň, snaýper tüpeňleriniň we harby ulaglaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirer.

Karzyň şertlerine görä, Ermenistan satyn alan ýaraglarynyň bahasynyň 10% tölär, galan tölegler karzyň hasabyna amala aşyrylar.

Orsýet Ermenistanyň esasy harby partnýorydyr. Ermenistanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýyndaky Gümri şäherindäki harby bazada Orsýetiň üç müň çemesi esgeri ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG