Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Orsýet uçary BMG-niň kömegini elter


Ynsanperwer kömegini daşaýan uçar, Yrak

Ynsanperwer kömegini daşaýan uçar, Yrak

Dünýäniň täsirli ýurtlary Orsýetiň uçaryny ulanmak arkaly Siriýanyň gabawdaky Deir ez-Zor şäherine ynsanpewer kömegini ýetirmegi planlaşdyrýarlar, diýip BMG-niň resmileri 18-nji fewralda aýtdylar.

Deir ez-Zor “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň gabawynda saklanýar.

BMG-niň metbugat wekili Stefane Dujarriç we Orsýetiň BMG-däki wekili Dünýä azyk programmasynyň Orsýetiň graždan awiasiýasyna degişli kärhananyň uçarlaryndan peýdalanýandygyny aýtdylar. Bu şirket ozal Günorta Sudanda azyk önümlerini uçardan ýere oklamak işlerini ýerine ýetiripdi.

Resmileriň bu çykyşy Siriýa ýardam bermek boýunça halkara toparynyň Ženewada geçiren ikinji maslahatynyň yzýany edildi. Bu duşuşyk Siriýada gabawdaky 18 giňişlige kömek ýetirmek meselesine gönükdirilipdi.

Norwegiýanyň BMG-däki diplomatynyň aýtmagyna görä, soňky 48 sagadyň dowamynda 114 sany ýük ulagynda 80 müň çemesi adama iň zerur kömek eltilipdir.

XS
SM
MD
LG