Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Bäş adama separatizme bagly iş kesildi


Aramais Awakianyň maşgalasy
Aramais Awakianyň maşgalasy

Özbegistanyň Jizzak regionynyň sudy bäş adamy dini ekstremizmde, separatizmde aýyplap, bäş ýarym we 12 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

19-njy fewralda tussag edilenleriň biri 33 ýaşly hristian dinli etnik ermeni Aramais Awakian ýedi ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi, diýip onuň aýaly Şirin Tursunowa AÝ/AR-na habar berdi.

Sentýabr aýynda tussag edilen Awakian sud edilenleriň arasynda özüne ýöňkelen günäni ret eden ýeke-täk adam boldy. Onuň garyndaşlary Pahtakor etrabynyň ýerli häkimiýetleriniň Awakianyň şowly balyk önümçiligini elinden almak üçin telekeçä garşy iş gozgandygyny aýdýarlar.

Mundan ozal Ermenistanyň resmileri Awakianyň işi boýunça resmi derejede aladalanma bildirendigini we onuň işini derňemegi Özbegistanyň resmilerinden sorandygyny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG