Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Apple" we gizlinlik düzgünleri


Taşfeen Malik (çepde) we Sýed Farook. 27-nji iýul, 2014 ý.
Taşfeen Malik (çepde) we Sýed Farook. 27-nji iýul, 2014 ý.

Çarşenbe güni "Apple" kompaniýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysynyň Birleşen Ştatlaryň bir sudýasynyň ýurduň Federal derňew býurosyna öten ýyl Kaliforniýada 14 adamy atyp öldürenleriň biriniň aýfon mobil telefonyny (iphonyny) barlamak üçin kömek bermek barada çykaran kararyndan boýun gaçyrmagy tehnologiýa senagaty bilen amerikan hökümetiniň arasynda kanun babatynda ýokary derejede göreş turmagyna getirdi.

Federal derňew býurosy "Apple" kompaniýasyndan näme zady sorady?

Federal derňew býurosy geçen ýylyň dekabr aýynda öz aýaly Taşfeen Malik bilen birlikde köp adamy atyp öldüren Sýed Faroogyň şifrlenen aýfonynyň içindäki maglumatlaryň özüne elýeterli edilmegini isleýär.

Derňewçileriň aýtmaklaryna görä, bu telefonda bir möhüm zadyň bar ýa ýokdugy belli däl. Ýöne olar paroly (açary) bilmeýändikleri üçin ondaky maglumatlary açyp bilenoklar. Paroly çak bilen ýüze çykarmak üçin ençeme gezek edilen synanyşyklar başa barmasa, iphone özündäki ýazga geçirilen maglumatlary ýok edýär. Şol sebäpden deňewçiler telefonyň bu päsgelçiliginden üstaşyr geçmäge "Apple" kompaniýasynyň ýörite bir programma döretmegini isleýärler.

Tim Kook
Tim Kook

"Apple" näme üçin muňa garşy çykýar?

Appleniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Tim Kook çarşenbe güni kompaniýadan soralýan çäräniň ozal bolan zat däldigini, munuň Appleniň müşderileriniň howpsuzlygyny gorky astynda goýjakdygyny aýtdy.

Ol maglumatlary hakerlerden we jenaýatçylardan goramagyň zerurdygyna salgylanyp,

"Apple" kompaniýasynyň öz telefonlarynyň gorag çärelerini döwmek üçin programma "döretmegi gaty howply" bolar diýdi.

Kook kompaniýa terroristlere duýgudaşlyk edenok, ol Federal derňew býurosyny özünde bar bolan maglumatlar, derňewçileri-de beýleki mümkin bolan pikirler bilen üpjün etdi diýýär.

Ol öz pikilerini şeýle delillendirýär: "Biz Fedaral derňew býurosynyň niýetiniň gowudygyna ynanýarys, ýöne hökümetiň bizi öz öndürýän enjamlarymyzyň içine aralaşmaga [hökümet adaralary üçin] arkadan gapy açmaga mejbur etmegi ýalňyş iş bolar. Galyberse-de, biz bu talap hökümetimiziň goramaga synanyşýan azatlyk we erkinliklerini ýumrar diýip gorkýarys".

Bu jedelde esasy mesele näme?

"Apple" eger Federal derňew býurosynyň haýyşyny bitirse, bu geljekde amerikan hökümetinden ýa Hytaý ýaly başga ýurtlardan edilen haýyşlar üçin bir görelde bolar diýip howatyr edýär. Sud salgylanar ýaly, bu meselede ozal çykarylan kararlar köp däl. Şol sebäpden "Apple" özi ýa beýleki kompaniýalara degişli bular ýaly haýyşlara ýol açmak islemeýär.

Kompaniýa öz telefonlaryny şifrlemegi 2014-nji ýylda güýçlendirdi. Hökümet,[telefonlara] girizilen ýokary howpsuzlyk çäreleri Kaliforniýada bolan atyşyk ýaly ýagdaýlarda jenaýat we milli howpsuzlyk derňewlerini kynlaşdyrýar diýip, şikaýat edýär.

Indi näme bolar?

"Apple" kompaniýasynyň öňümizdäki günlerde suda ýüz tutmagy ähtimal. Kanuny göreş uzaga çeker diýip pikir edilýär.

XS
SM
MD
LG