Sepleriň elýeterliligi

Daşkentde salafitler sud edilýär


Özbegistandaky aýyplanýanlar. Illýustrasiýa suraty.

Özbegistandaky aýyplanýanlar. Illýustrasiýa suraty.

Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň şäher kazyýetinde jenaýat işi boýunça dört adam salafit bolanlykda aýyplanyp, sud edilýär.

Daşkendiň Milli howpsuzlyk edarasynyň tassyklan aýyplamasynda, 1985-nji ýylda doglan Akmal Urinow, 1981-nji ýylda doglan Temur Siddikow, 1983-nji ýylda doglan Aýbek Salihow we 1988-nji ýylda doglan Dawran Kaýumow dagylar Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 216-nji maddasy esasynda ("Bikanun jemgiýetçilik hem dini guramalaryň işlerine gatnaşmak") we 244-3 maddasy esasynda ("Bikanun dini propaganda materiallarynyň taýýarlanmagy, saklanmagy we ýaýradylmagy") görä aýyplanýarlar.

Aýyplamada gelnen netijede ol ýaşlaryň kanuny taýdan çürt-kesik gadagan edilen "Salafit" atly dini herekete agza bolandyklary we "alnyp barylýan bikanun işlere şärik bolandyklary, şol guramanyň ideýalarynyň halka görelde hökmünde propaganda edilmegine gatnaşandygy, şeýle-de dini fundamentalizmiň ýaýramagyna hyzmat edendigi, jemgyýetçilik ýerlerinde öz propagandalary bilen raýatlaryň aňyny üýtgetmäge synanyşandyklary" aýan edilipdir.

Tussaglaryň aklawjylary, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren maglumatynda, aýyplanýanlar barasynda sud işi alnyp barylýan wagty olaryň graždanlyk hak-hukuklarynyň basgylanandygyny mälim edipdirler. Olar gaýtadan geçirilen sorag edişlikde kanuny goragçy, ýagny aklawçy tutmak hukugyndan mahrum edilipdirler. 20-nji iýulda resmi ýagdaýda tussag edilenden soň agzalýan ýaşlar derňew geçirilýän mahaly iki hepdeläp ýapyk zyndan şertlerinde saklanypdyrlar.

“Häzir olar baradaky kazyýet işinde şaýatlaryň görkezmeleriniň diňlenmegi dowam etdirilýär we deliller deňeşdirilýär. Juma güni taraplaryň garşylykly çykyşlary diňlener. Diňe şondan soň aýyplanýanlaryň geljekdäki ykbalynyň nähili boljakdygy barasynda bir zat aýdyp bolar. Bu işde gaty köp gezek diňe bir raýatlaryň hak-hukuklary däl, eýse gödek ýagdaýda Baş kanunyň ýörelgeleri hem bozuldy. Din sebäpli aýyplanýanlaryň kazyýet işleri gaty hupbatly bolýar. Köpçlenç dini sebäplerden aýyplanýanlar azatlykdan uzak möhletlik mahrum edilýärler” diýip, aklawçylaryň biri Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gürrüň berýär.

Etmişleri subut edilen halatynda aýyplanýanlara 10 ýyldan 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy berler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG