Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň harbylary bäş söweşijini öldürdiler


Tire-taýpalaryň agzalary "Talyban" söweşijileriniň hüjüm eden ýerinde, Mohmand, 18-nji fewral, 2016

Tire-taýpalaryň agzalary "Talyban" söweşijileriniň hüjüm eden ýerinde, Mohmand, 18-nji fewral, 2016

Pakistanyň harbylary ýurduň Owganystan bilen serhediniň golaýyndaky tire-taýpalar regionynda howpsuzlyk güýçleriniň bäş söweşijini öldürendigini aýtdylar.

Harbylaryň beýannamasynda ok atyşygyň 20-nji fewralda Mohmand tire-taýpalar regionynda bolandygy we atylyp öldürilenleriň “terrorçylyk hereketlerini” planlaşdyrandygy habar berilýär.

Mundan ozal 17-nji fewralda “Talybanyň” söweşijileri Mohmandda amala aşyran iki sany hüjümde azyndan dokuz polisiýa wekilini öldürdiler.

Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Mohmand hökümet güýçleriniň on ýyl çemesi döwrüň dowamynda “Al-Kaýda” we “Talyban” toparlaryna garşy söweşýän regionlarynyň biri.

XS
SM
MD
LG