Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň hüjümlerinde serb ilçihanasynyň zamun işgärleri öldi


Serbiýanyň Liwiýadaky ilçihanasy, Tripoli, 9-njy noýabr, 2015

Serbiýanyň Liwiýadaky ilçihanasy, Tripoli, 9-njy noýabr, 2015

Serbiýanyň ilçihanasynyň Liwiýada noýabr aýynda ogurlanan iki işgäriniň “Yslam döwleti” toparyna degişli bolmakda güman edilýän ýere ABŞ-nyň amala aşyran howa hüjüminde wepat bolandygy çak edilýär, diýip Serbiýanyň daşary işler ministri 20-nji ýanwarda aýtdy.

Ilçihananyň aragatnaşyk boýunça wekili Sladjana Stankowiç we ulag sürüjisi Jowisa Stepiç 8-nji noýabrda diplomatik ulaglar, şol sanda ilçiniň barýan awtoulagy Sabratha şäheriniň golaýynda gabawa düşende zamun alnypdy.

Daçiç ilçihananyň işgärleriniň ölümi baradaky maglumatyň Serbiýa daşary ýurtly resmiler tarapyndan berilendigini, emma Liwiýanyň hökümeti tarapyndan entek tassyklanmandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň resmileriniň 19-njy fewralda aýtmagyna görä, ABŞ-nyň amala aşyran howa zarbalarynyň netijesinde onlarça adam öldürilipdir, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň Tunisde hüjümleri amala aşyran agzasy Noureddine Çouçaneniň hem ölen bolmagy çak edilýär.

Tripoliden 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Sabratha beýleki ýurtlarda terrorçylykly aktlary amala aşyrýan söweşijileriň türgenleşik merkezleriniň ýerleşýän ýeri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG