Sepleriň elýeterliligi

BMG Orsýetiň Türkiýe barada rezolýusiýasyny ret etdi


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýet Türkiýäniň Siriýa garşy harby hereketlerini togtatmak boýunça eden öz talabynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ret edilmegine gynanç bildirdi.

Günbatar ýurtlary Türkiýeden serhetýaka giňişliklerde siriýaly kürtleri oka tutmagy bes etmegini talap etmek boýunça Orsýetiň 19-njy fewralda teklip eden rezolýusiýasynyň taslamasyny ret etdiler we Moskwany Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky planlary berjaý etmäge çagyrdylar.

Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň 19-njy fewrala bellenen wagt möhleti ýaraşygyň berjaý edilmeginiň ujypsyz alamatlary bilen geçdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Orsýetiň Siriýanyň Türkiýe bilen serhedindäki dartgynlylygyň güýçlenmegine aladalanma bildirýändigini” aýtdy we Orsýetiň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň gury ýer söweşlerini goldamagyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Günbatar döwletleri Moskwany BMG-niň araçylygyndaky ýaraşyga garamazdan, Siriýaky gury ýer urşy goldamakda aýyplaýarlar we bu ýagdaýyň dartgynlylygy güýçlendirýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG