Sepleriň elýeterliligi

UNISEF: Ukrainadaky konflikt 580 müň çaga täsir etdi


UNISEF guramasy çagalar baglaryna kömek berýär, Kirowsk, Luhansk regiony

UNISEF guramasy çagalar baglaryna kömek berýär, Kirowsk, Luhansk regiony

BMG-niň çagalar agentligi Ukrainadaky konfliktiň front liniýasynyň golaýynda we hökümetiň gözegçiliginde bolmadyk giňişliklerde galýan 580 müň çaga “agyr täsir” ýetirendigini aýdýar.

Barlaglaryň netijelerine görä, 200 müň çemesi ýaşlardan üçden bir bölegine psiho-sosial taýdan kömek zerur, diýip UNISEF çagalar fondy 19-njy fewralda habar berdi.

“Iki ýylyň zorlugy, ok atyşyk we gorky gündogar Ukrainada müňlerçe çagada aýryp bolmajak yz galdyrdy” diýip UNISEF guramasynyň Ukrainadaky wekili Giowanna Barberis aýtdy.

Barberis konfliktdäki taraplara ýüzlenip, “hereket howpsuzlygyna we mätäçlik çekýän çagalara ynsanperwer kömeginiň elýeterliligine kepil geçilmegini” talap etdi.

UNISEF konflikt zonasynda 200 müň çaganyň öýlerinden göçürilendigini we her bäş mekdepden azyndan biriniň ýumrulandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG