Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkiýe boýunça teklibiniň ret edilmeginden nägile


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýet Türkiýäniň Siriýa garşy harby hereketlerini togtatmak boýunça eden öz talabynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ret edilmegine gynanç bildirdi.

Günbatar ýurtlary Türkiýeden serhetýaka giňişliklerde siriýaly kürtleri oka tutmagy bes etmegini talap etmek boýunça Orsýetiň 19-njy fewralda teklip eden rezolýusiýasynyň taslamasyny ret etdiler we Moskwany Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky planlary berjaý etmäge çagyrdylar.

Siriýada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň 19-njy fewrala bellenen wagt möhleti ýaraşygyň berjaý edilmeginiň ujypsyz alamatlary bilen geçdi.

“Rezolýusiýanyň taslamasynyň ret edilenine biz diňe gynanç bildirip bilýäris” diýip Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 20-nji fewralda žurnalistlere aýtdy.

Peskow Orsýetiň “Siriýanyň Türkiýe bilen serhedindäki dartgynlylygyň güýçlenmegine aladalanma bildirýändigini” aýtdy we Orsýetiň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň gury ýer söweşlerini goldamagyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Günbataryň aladasy

Günbatar döwletleri Moskwany BMG-niň araçylygyndaky ýaraşyga garamazdan, Siriýaky gury ýer urşy goldamakda aýyplaýarlar we bu ýagdaýyň dartgynlylygy güýçlendirýändigini aýdýarlar.

“Biz harby hereketleriň güýçlenmek howpy we munuň gözegçilik astyndan aňsat çykyp bilmeginiň ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, bu garaşylmadyk ýagdaýa getirip biler” diýip Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Fransua Delattre aýtdy.

Delattre Türkiýäniň konflikte girişmegi “Siriýanyň režiminiň we onuň ýaranlarynyň Siriýanyň demirgazygynda eden güýçli hüjümleriniň göni netijesi boldy” diýdi.

“Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada berýän şertsiz ýardamynyň çykalgasyzdygyna we çakdan aşa howpludygyna düşünmelidir” diýip Fransiýanyň BMG-däki ilçisi aýtdy.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura 25-nji fewrala bellenen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny ýatyrdy. Bu bolsa Siriýadaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça tagallalara gatnaşýan taraplaryň parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere ýakyn wagtda dolanmak niýetleriniň ýokdugyny görkezdi.

Siriýadaky kürtler we gapma-garşylyk

BMG-niň Orsýetiň Türkiýe babatynda teklip eden rezolýusiýasyny ret etmeginiň yzýany Ak Tam prezident Barak Obamanyň 19-njy fewralda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşik geçirip, ony Siriýanyň serhetýaka regionlarynda kürtleri oka tutmagy bes etmäge çagyrandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Siriýada kürtlere garşy harby hereketleri Ankaranyň we Waşingtonyň arasynda uly gapma-garşylyk döretdi. Türkiýe Siriýada kürtleriň YPG söweşiji güýçlerini bikanun terrorçy topar diýip atlandyrýarka, ABŞ Siriýada 2014-nji ýylda “Yslam döwleti” (YD) toparynyň eline düşen giňişlikleri yzyna gaýdyp almak boýunça YPG bilen üstünlikli kampaniýa alyp bardy.

Siriýada adam hukuklaryny goraýan guramanyň maglumatyna görä, ABŞ tarapyndan goldanýan kürt güýçleri 19-njy fewralda bolan güýçli hüjümlerden soň YD toparyny Şaddadeh şäherinden gysyp çykardylar.

XS
SM
MD
LG